Kaffeemaschine Saeco SM6580/10 – Bedienungsanleitung im pdf-Format kostenlos online lesen. Wir hoffen, dass sie Ihnen helfen wird, alle Fragen zu lösen, die Sie bei der Bedienung Ihrer Geräte haben könnten.
Wenn Sie noch Fragen haben, stellen Sie diese bitte in den Kommentaren im Anschluss an die Anleitung.
Die Anleitung wird geladen bedeutet, dass Sie warten müssen, bis die Datei heruntergeladen ist und Sie sie online lesen können. Einige Anleitungen sind sehr umfangreich, weshalb es von Ihrer Internetgeschwindigkeit abhängt, wie lange es dauert, bis sie angezeigt werden.
497
Türkmençe
Gaýnadyş toplumyny arassalamak
Gaýnadyş toparyny wagtly-wagtyna arassalamak içerki konturlarda kofe çökündisiniň dykylmagynyň öňüni
alýar. Gaýnadyş toparyny aýyrmagyň, dakmagyň we arassalamagyň usuly barada goldaw wideolary üçin,
www.saeco.com/care
salgysyna baryň.
Gaýnadyş toplumyny kranyň aşagynda arassalamak
1
Gaýnadyş toplumyny aýryň (Ser. 'Gaýnadyş toplumyny aýyrmak we salmak').
2
Gaýnadyş toparyny suw bilen mazaly ýuwup durlaň. Gaýnadyş toplumynyň ýokarky filtrini (Sur. 40)
seresaplyk bilen arassalaň.
3
Gaýnadyş toparyny ýerine goýmazdan öň howada guradyň. Gaýnadyş toparynyň içinde süýümleriň
üýşmeginiň öňüni almak üçin, gaýnadyş toparyny mata bilen guratmaň.
Gaýnadyş toplumyny kofe ýagyny aýyrýan tabletkalar bilen arassalamak
Diňe Philips-iň kofe ýagyny aýyrýan tabletkalaryny ulanyň.
1
Arassala şekiljigini basyp, ýokaryk we aşak oklaryny ulanyp, "Gaýnadyş toparyny arassalamak" saýlaň.
2
Tassyklamak üçin OK şekiljigini basyp, ekrandaky görkezmeleri berjaý ediň.
Gaýnadyş toplumyny ýaglamak
Gaýnadyjynyň öndürijiligini gowulandyrmak maksady bilen hereket edýän şaýlaryň endigan hereketine
dowam etmegi üçin demleýiş toparyny 2 aýda bir ýaglamagy maslahat berýäris.
1
Demleýiş toparynyň silindrine (küljümek bölek) üstüne ýuka edip ýag çalyň (Sur. 41).
2
Demleýiş toparynyň aşagyndaky walyň (küljümek bölek) töweregine ýuka edip ýag çalyň (Sur. 42).
3
Iki gapdaldaky ugrukdyryjy relslere ýuka edip ýag çalyň (Sur. 43).
Içerki kapuçinator üçin arassaçylyk programmalary
Gaýnadyjylaryň içerki kapuçinatory arassalamak üçin üç sany programmasy bar:
-
«HygieSteam Shot»: gaýnadyjy içerki kapuçinatoryň içinden bug zyňyp, ony çaltlyk bilen ýuwup durlaýar.
-
«HygieSteam»: gaýnadyjy içerki süýt ulgamyny bug bilen mazaly arassalaýar. HygieSteam gabynyň dogry
ýygnalandygyna (Sur. 44) we gaýnadyja dakylandygyna göz ýetiriň (Sur. 45). Süýt turbajygyny süýt
turbajygy saklaýjysyna ýerleşdirip (Sur. 46), ekrandaky gözükdirijileri berjaý ediň.
-
«Deep Milk Clean»: Içerki süýt ulgamyny mazaly arassalamak üçin, Philips-iň süýt konturyny arassalaýjysy
bilen «Deep Milk Clean» prosedurasyny ýerine ýetiriň.
Içerki kapuçinatory krandan akýan suwda arassalamak
1
Içerki kapuçinatoryň gapagyny açyň (Sur. 47).
2
Içerki kapuçinatory aşak çekmek arkaly ony aýryň (Sur. 48).
3
Aşaky bölegini ýokarky böleginden çekip aýyrmak arkaly içerki kapuçinatory dargadyň (Sur. 49).
4
Ähli bölekleri (Sur. 50) dargadyň we olary krandan akýan suwda arassalaň.
5
Içerki kapuçinatory gaýtadan ýygnaň.
6
Içerki kapuçinatory ýerine dakmak üçin ony dik tutuň we deşikleriň gaýnadyjydaky iki turbajyk bilen
deňleşendigine göz ýetiriň. Soňra öz ildirilýänçä içerki kapuçinatory bokaryk itiň (Sur. 13).
7
Gapagy ýapyň.
Jikme-jik wideo gözükdirijiler üçin
www.saeco.com/care
salgysyna baryň.
Haben Sie noch Fragen?Haben Sie Ihre Antwort nicht im Handbuch gefunden oder haben Sie andere Probleme? Stellen Sie Ihre Frage in dem unten stehenden Formular und beschreiben Sie Ihre Situation genau, damit andere Personen und Experten sie beantworten können. Wenn Sie wissen, wie Sie das Problem einer anderen Person lösen können, teilen Sie es ihr bitte mit :)